Agyrma ýüregim, agyrma beyle,
Ýör bile çykaly seyrana-seyle
Belki gussalaryn egsiler gider
Bilyaňmi hool günem bolupdy şeyle
Baý şonda kösäpdin agyryp öte
Şondada ikimiz cykypdyk çete
Derman, därä pisint dagam etmediň
Kim bilya nämeler düwdün sen nete?
Gereğinden artyk urjak boldunmy
Ýa urup ýadadyn durjak boldunmy
Bilmekligim ucin durmus gymmatyn
Ýa, gorkuzyp hile gurjak boldunmy?
Siňesim gelenok yerin teyine
İrden görenlerim yogaldy öýle
Entek edilmedik işlerim yatyr
Agyrma ýüregim, agyrma beyle
4 1
| | Dark Light Berekella diýerlik bar. Ylhamyña kesek atylmasyn. Galamyñdan berkje ýapyş. |