PANOH.UZ
???
18 Avg 2023 12:24   0   5   0   0
Toba etmek eÿÿäm endik bolupdyr
Indiki sapar gelmen diÿen ÿerlerimde dik durun
Kelle agyr, aÿaklar gowşak öñkülik bu
Öl diÿse öÿkünip dur
Kybla yzda galdy
Öÿkenim buz
Ylgap bizar boldum özümden
Kölegämem öÿkeläp dur
Ÿüzümi ÿuwdum
Görküme meñzedÿär görküñi - suw
Gorkyñy ÿuw
Mañlaÿyñy ÿere degir, ol kiri ÿuw
Erkiñi ulan
Sogapda ÿaryş
Herkimi ut
Ölüme ÿeke garyş, deñ, herkime bu
Allam, adamlar senden başga herkime gul
Ÿetdim hetdime, etmedimem-etdimem bir
“Etme pikir”, bulañ maña maslahaty
“Etme zikir, geçireli nadanlykda wagty”
Diñlemejek bolup gulagy ÿapdym
Gözi ÿumup hakykaty tapdym
Allam sen ynan
Bu soñky sapar, diÿipdim öñki sapar
Geldim ÿene saña, bular mañlaÿyma ÿazylan
Ÿadadym, ÿazmañ
Her sapar diÿÿän: “Ertir başlaryn eÿÿäm”
Täze durmuşa
Bilÿänim taşlanym bilÿän
Göÿä ysnyşan, bu günüm bilen o günem
Durmuş başaşak, gidenok hyÿala görä
Bu bolşuma näme sebäp?
Hiç ÿere baryp bilemok, başlasamam ÿöräp
Toba etmek üçin öñki men bolmaly heläk
Öñki sena edenler diÿer: “Üÿtgäpsiñ senä”
Ÿalñyş ÿola girdim yza öwrüm ÿok
Onça ömrüm ÿok düzetjek bolsamam
Gömlüp ÿok bolup gitmeli soñunda
Dünÿäde göwnüm ÿok
Ÿöne O tarapda’da üÿtgeşik beriljek göwünlik ÿok
Gara gözümem açylyp aÿdyñ
Ak niÿetli gara çynym aÿdym
Diÿdiler aÿdÿan aÿdymyñ aÿypdyr
Gitjek ÿer tapman içime gaÿtdym
Gürlemän ähli aÿtjagym aÿtdym
Dünÿä ÿarawsyz, her ÿerem apy-tupan
Özgeden habar almak ÿadymyzdan çykÿar
Elimden kän zat gelenok, gelÿän zat Salam
Onam bermek bolanok indi, gaty ÿakynlaşmaÿ
Kiçi sözüm tagsyr, uly söze toba
Gaty kynmy ÿa günde ymtylmak
Bir aÿ açlykdan kim öldi sora
Paÿlap garyp bolan ÿok
Şoñ üçin goÿmasañam
Etdim toba
« Oldingi 34 dan 200 Keyingi »
0 0
Bloger: sᴀɴᴀ ɢᴏʀᴀ ᴅᴀʟʟ
Sharhlar yo`q
Bosh sahifa