PANOH.UZ
Duzme
5 Dek 2023 20:14   0   4   0   0
Barlag düzmesi
Gurbannazar Ezizow ussat ýazyjy
I Gurbannazar Ezizowyň ömür ýoly
II Onuň döredijiligi
1.Şahyryň "Meniň neslim"liriki poemasynyň many aýratynlygy
2.Gurbannazar Ezizow -güýz şahyry
III Häzirki wagtda ussat ýazyja goýulýan sarpa
Ykbal Gurbannazar Ezizowy
altmyşynjy ýyllaryň ýaş
şahyrlarynyň başynda goýupdy.
Kerim Gurbannepesow
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda dogulýar. Maşgalasy Aşgabat şäherine göçüp gelenden soň, paytagtymyzdaky 29-njy orta mekdepde okaýar. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girýär we ony 1964-nji ýylda gutarýar.
Ol 1965-1970-nji ýylarda "Edebiýat we sungat" gazetiniň redaksiýasynda poeziýa bölüminiň müdiri, soňra Türkmenistan SSR Ýazyjar birleşiginde edebi konsultant bolup işleýär.
Gurbannazar Ezizowyň eserleri rus,ukrain,özbek, gazak, gruzin, garagalpak, eston, ýakut, moldawan, latyş, iňlis, fransuz, nemes, wenger, polýak dillerinde terjime edilýär.
Şahyryň "Meniň asylýetim"goşgusynda şeýle setirler bar:
Meň atamda zehin ýokdy üýtgeşik,
Ýöne öz kärini ýürekden söydi.
Gaş bilen diwalaň goşuny goşup,
Kümüşdir gyzylyň nikasyn gyýdy.
Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda Gurbannazar Ezizow "Alada", "Çaga", "Daş güli", "Danko", "Atamyň Pendi", "Adamlaryň ýüregi", "Ballada", "Sergide", ýaly goşgulary bilen täzeçe pikirlenýän , täzeçe ýazmak isleýän, özüne täze ýol gözleýän zehinli ýaş şahyr hökmünde edebiýat meýdanyna gelýär. Altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda Gurbannazar Ezizow eýýäm "Seni söýdüm", "Armaň", "Soldat ýüregi", "Basgançak", "Ýalňyşlyk" ýaly belli goşgularyny ýazýar. Soňra şahyryň "Otuzynjy ýyllaryň goşgularyna", "Gaplaň" , "Sungat", "Myhmançylykda aýdylan tost" ýaly goşgulary oña şöhrat getirýär.
Şahyryň "Oglan bilen deňiz ", "Ynam", "Ýer-gögüñ arasynda" ýaly kitaplary türkmen dilinde , "İki agaç"kitaby rus dilinde, "Bahar säheriniň ak süýdi" kitaby eston dilinde neşir edilýär
« Oldingi 7 dan 200 Keyingi »
0 0
Bloger: ╰┈⫸𝒀𝒂𝑴𝒂𝑵 𝑲𝒊𝒁❤
Sharhlar yo`q
Bosh sahifa