PANOH.UZ
Nädip?!
21 Iyul 2022 20:11   2   21   4   0
Häzirki wagt. Gyz: -Men seni ýigrenýän! Men: -Näme üçin, sebäbi näme?
Gyz:
-Bilemok, men seniñ ýüzüñem göresim gelenok. Seni ýigrenşim ýaly adam ýigrenip görmändim. Seni söýemok. Meni günüme goý. Men adagly...
Iki ýyl mundan öñ...
2011-nji ýylyñ oktýabr aýlary. Men ony internetden tapypdym. Suratyny gören badyma söýdim. We oña hat ýazmaga başladym:
-Salam bala!
-Salam!
-Adyñ näme?
-Näme göreñokmy ýazyk dura.
-Adyñ Olýamy?
-Hawa.
Şeýlelik bilen biziñ tanyşlygmyz dowam etdi. Men ondan söýgülsiniñ barlygny soradym. "Ýok" diýende gaty begendim we ony yrmaga başladym. Bir aý çemesi ýalbardym. Ahyry maksadyma ýetdim. El nomerni aldym, jañ etdim gürleşdik. Ýöne bir gynanýan zadymyz aýralykdy. Ol Daşoguzda ýaşaýardy, men bolsa Aşgabatda. Ony şeýlebir söýdim. Olam maña öwrenşip meni has söýip başlady. Günümiziñ köp wagtyny telefonda gürleşip geçirýärdik. Aýralyk bizi gaty gynaýardy. Ol telefonda "Seni gaty göresim gelýä janym" diýip aglaýardy. Meniñ şonda ýüregim gyýym-gyýym bolýardy. Meniñem ony gaty göresim gelýärdi. Aradan bäş aý geçipdi. Garyndaşlarymyzdan biriniñ toýy bardy. Menem toýy bahanalap ejeme "Menem gitjek" diýdim. Bardyk. Daşoguzyñ wokzalynda ilkinji gezek söwer ýarymy gördim. Üç sagat durupdyrys. Ýöne üç sagat biziñ üçin birnäçe minutjyk ýaly bolup görnipdi. Ahyry aýyrlyşmaly pursadymyz gelende gözüme ýaş aýlandy. Söýgülim muny duýup, "Goýsana aglama, ýene nesip etse görşeris" diýdi. Biz Aşgabada ugradyk. Ýene öñkiler ýaly telefonda gürleşýärdik. Men bir gün pul ýygnap başladym. Sebäbi söýgülimi görmäge Daşoguza gitmek üçin. Agenstwodan bir güne gidişin-gaýdyşyn bilet alyp gitdim Daşoguza. Baryp söýgülimi gördim. Aýyrlyşmaly pursat ýene geldi. Biziñ esasy gürrüñimiz diñe geljek hakyndady, arzuwlardy.
Mekdebi tamamladyk. Ikimizem okuwa tabşyrdyk. Men synaglardan geçip bilmedim, a ol bolsa geçdi. Men şeýlebir begendim. Sebäbi söýgülim okuwa girdi we Aşgabatdady. Biziñ bagtymyz geldi. Köplenç görişýärdik. Men işe girdim. Indi bize alada eder ýaly üýtgeşik zat ýokdy. Ýöne meniñ esasy aladam ony çaltyrak özüme adaglamakdy. Men pul ýygnap başladym.
Onyñ doglan güni ýetip geldi. Men oña şo güniñ öñ ýany gije ýatman sagat 00:00-da gowy edip sms ýazypdym we ýatdym. Ertesi gün jañ etdim:
-Salam gülüm! Gowmy ýagdaýlañ? Doglan güniñ bilen janym!
Ol gaharly:
-Öýe joralam geldi agşam gürleşers
diýdi. Menem "Bolýa gülüm" diýip goýdym. Agşam jañ etdim:
-Giç ýagşy gülüm! Agşamky gutlap ýazan sms-im bardymy?
-Senden maña sms gelenok.
-Wi o nähili?! Men gije 12-de saña gutlap sms ýazdyma janym.
-Ýok gelenok.
-Bäh men ugradypdym. Bolýa täzeden ugradýan garaş.
Men täzeden ugratdym:
-Bardymy?
Ol göwünsiz:
-Hawa geldi sagbol.
Men:
-Näme meñ bilen it ýaly gürleşýäñaý, men bilip etmedimä.
Ol sözümi bölüp:
-Dur dur näme ýaly?
Men gaharly:
-It ýaly.
Ol:
-Bolupdyr diýip telefony goýdy. Şondan soñ gürleşdik bagyşlamagny soradym, etmedi. Men köp ýalbardym, etmedi. Soñam:
-Men seni bagyşlap ýadadym diýdi. (Biz öñem tersleşýädik, ýöne beýle kiçijik zat üçin şeýdip otyrmak dogry dälmikä diýýän.)
Men oña doglan gününe ýüzük sowgat alypdym. Ony gowşyrmaga uniwersitetiniñ umumy ýaşaýyş jaýyna baryp garaşdym, ahyry çykdy. Men oña ýüzügi berjek bolamda, almady "Gerek däl" diýdi. Halys almansoñ, ýerde goýup onyñ ýanyndan gaýtdym.
Soñ jañ etdim, eli zanýat boldy. Köp jañ etdim, ýöne şeýle bolup dur. Görip otyrsam ol meni "Черный список" (islenilmedik nomerleri jañ etmez ýaly edýän programma) programmada meni gara spisoga salyp goýupdyr. Men gaty köp ýalbardym. Öñler el telefonymyñ puly gürleşemde gidýän bolsa, indi sms-a köp gidip başlady. Pulymyñ gideni meni alada goýanokdy, esasy zat gülümiñ meni bagyşlamagydy. Öñler menden öýkelände, añary gitse üç gündi. Ýöne soñky ýagdaý iki aýa golaýlady. Söýgülimiñ özüni alyp barşy meñ göwnüme ýaranokdy.
Bir gün men onyñ okuwdan çykýan wagtyna golaý, umumy ýaşaýyş jaýyna gidýän duralgasyna baryp garaşdym. Ol göründi. Ony görenimde ýüregim urşyny üýtgetdi. Ol ýakynlanda men onyñ öñünden çykyp:
-Biz gürleşmeli diýdim. Ol gaharly:
-Men seniñ bilen gürleşemok diýdi. Ýanyndaky jorasy "Bu kim?" diýip sorady. Ol bolsa, "Tanamok" diýip jogap berdi. Men onyñ bu jogabyna gaty haýran galdym. Soñ olar "Taksa müneli" boluşyp, ýoluñ gyrasyna ýörediler. Menem yzlary bilen ýöredim. Olar taksi saklap gitmeli ýerini aýtdylar, taksi "Bolýa" diýdi. Menem taksiça, "Menem şo ýere barýan agam" diýip öñüne mündim. Ol gaharly maña seredýärdi. Ine-de umumy ýaşaýyş jaýyna ýetdik. Ol derrew pulyny berip düşüp gitdi. Men pulumy berip düşýänçäm ol eýýäm girip gidipdir. Men oña sms ýazdym, "Men seniñ bilen ýöne gürleşjekdim, telefonyñy alaý, aýtjak zatlarym bar". Jañ etdim ahyry alyp:
-Näme aýtjak bolsañ çalt aýt. Onsoñam ýene ýañky ýaly etseñ, bujagaz günüñdenem dynarsyñ diýdi. Men:
Sen näme üçin meni bagyşlañok. Men senden ötünç soradyma, bilýän günämi, şeý diýmeli däldim bagyşlaýda janym. Ol:
-Ýok bagyşlajak däl, ýogsa-da maña asla jañ etmesene men seni ýigrenýän. Men:
-Ýigrenme janym, maña şans ber. Sen meni söýýäñä. Ol göwünsiz:
-Ýok men seni hijem söýmändim.
Meniñ ýüregim sanjyp gitdi, meniñ söýgülimiñ gürleýşi, özüni alyp barşy gaty ütgäpdir. Men oña:
-Çynyñmy? Men onda iki ýyllap saña aldanyp gezipdirinmi? Ol:
-Hawa şeýle. Men seni ýigrenýän!
Men:
-Näme üçin, sebäbi näme?
Ol:
-Bilemok, men seniñ ýüzüñem göresim gelenok. Seni ýigrenşim ýaly adam ýigrenip görmändim. Seni söýemok. Meni günüme goý. Men adagly!
Soñky aýdan zadyny eşdip gaty erbet boldum. Men:
-Söýmeýän bolsañ näme üçin meni aldadyñ? diýdim. Ol:
-Bilemok men. Seni şeýlebir ýigrenipdirin. Seniñ ýigrenji ýüzüñem göresim gelenok. Meniñ aýagyma çolaşma, meniñ bagtymy ýatyrma. Men seni SÖÝEMOK!
Meniñ kellämde diñe "Nädip" diýen sorag aýlanyp durdy. Men bu zatlaryñ anygyna ýetmeli diýen netijä geldim. Onyñ bir garyndaş jorasy bardy. Men oña kömek etmegni soradym. Ol maña onyñ hakykatdanam adaglanandygny aýtdy. Men ondan kime adaglananyny soradym. Ol garyndaş oglanlañ birinedigini aýtdy. Men ondan şol oglanyñ nomerini bilip bermegni haýyş etdim. Ol "Bolýa, tapan wagtym jañ edern" diýdi. Ertesi gün tapanyny aýtdy we nomerini berdi. Men şol bada ol oglana jañ etdim. Aldy, men:
-Salam Döwlet senmi?
Ol:
-Hawa men. Kim bu?
Men:
-Meni tanamarsyñ dost, adym Nurýagdy. Seniñ bilen görşip bilernmi?
Ol:
-Näme üçin görüşmeli?
Men:
-Erbet niýetim ýok dost. Bir zat hakda gürleşäýjekdim.
Ol:
-Telefonda aýdyber.
M:
-Bolýa. Sen Ogulnury tanaýañmy, ol seniñ nämäñ?
Ol:
-Hawa tanaýan, garyndaşym.
Men:
Hmm, siz ikiñiz adagly diýip eştdim, şo çynmy?
Ol:
-Hawa çyn, sekiz Aý boldy.
Men içimde "Näme, sekiz aý? Men ol wagtlar onyñ bilen aram gowydy ahyryn. Näme üçin maña öñ aýtmadyka?!" diýip gaty geñ galdym. Men:
-Dost men şol gyzyñ söýgülsi. Özem iki ýyl boldy. Sen ondan "söýgüliñ barmy?" diýip soradyñmy?
Ol:
-Hawa soradym, "Ýok" diýdi. Men ony çagalykdan bäri tanaýan.
Men geñ galyp:
Ol saña men barada hiç zat aýtmadymy? Ol seni söýmeýän bolaýmasyn sorap gördiñmi?
Ol:
-Soradym, "Söýýän" diýdi, menem ony söýýän.
Men şeýlebir erbet boldum we oña:
-Dost şo gyzy maña ber, sen maña şu wagt düşineñok, men häzir kyn ýagdaýda.
Ol bolsa:
-Ýogow näme diýäñ? Biz eýýäm guda boldyk. Olam meni, menem ony söýýän.
Meniñ dilim tutylan ýaly bolup, "Bolýa dost Soñ gürleşers" diýip goýdym.
Bu nähili beýle boldy? Öñler men diýip aglap söýüp ýören gyz indi başga adam bolupdyr.
« 1 2 »
« Oldingi 169 dan 203 Keyingi »
4 0
Bloger: Madina
Turkman yigiti
Fuck sol gyzaday bu yerde uns beren bolsanyz gyz okuwa girdi oglan girmedi we hemmesi sondan son boldy yenedebaylyk we gyz oglany wagtlayn oynayar
* Jucod
smile
Bosh sahifa