PANOH.UZ
Öz nilini ýaralamaz sapança
21 Iyul 2022 20:14   1   21   4   0
Ömir geçer, sekunt hakyn gidirmez,
Diýýäler-ä ,,Düýn göreniñ bu gün ýok",
Ýaralamañ bir-biregiñ göwnini,
,,Bu durmuşda çözilmedik düwin ýok".
Gahar gazap, diliñe erk etmeseñ,
Ertesi gün ökindirer hökmany,
Wah biz asyl endik eden owaldan,
Ökinç bilen gözýaşlary dökmäni.
Şükir etseñ maksadyña ýetme bar,
Garap gör sen sabyr bilen kyna ýa,
Birje zada akyl ýetirmek zerur,
Alla bizi kynlar bilen synaýar.
,,Bagyşla" diý, ,,günämi öt, toba" diý,
Ýaşamaga hakyñ baryn unutma,
Birje mysal: asmanyñy garaldyp,
Aglap soñra açylýandyr bulutlar.
Goý, saña däli ýa telbe diýsinler,
Yza dönme öz-öziñi tapynçañ,
Jansyz welin, emma syn etde göräý,
Öz nilini ýaralamaz sapança.
Awtory: Baýram Bejidow
« Oldingi 165 dan 200 Keyingi »
4 0
Bloger: Madina
🤨Kaysarqina kizalok🤪😜🧕❤️
Afarinnn
Bosh sahifa